- eleşan
- [eleşa:n]Üpür-süpür, gelşiksiz görnüşli, ýyrtyk-ýirik, köne-sana eginbaşly.∙ Tagsyryň şol eleşan Jumadan başga gören gudraty ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Çaga nahar edindi-de, eleşan köýneginiň syýy bilen agzyny süpürdi. (A. Geldiýew, Ilkinji gün)∙ Üç-dört sany eleşan ýorgan bilen bir uzynak ýassyklary bardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.